- garpyz
- Botanika Kädiler maşgalasyndan bolan bossan ekini we onuň ullakan togala süýji hasyly.∙ Bu garpyzyň içi köz ýaly eken. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Süýnmek, togalak garpyzlar çaknyşyp ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Men şu ýyl gumda ürgün çäganiň hem üstüne düme garpyz ekjekdirin. (A. Gowşudow. Köpetdagyn eteginde)∙ Olaryň ýüzi garpyzyň paçagy ýaly ýylmanak görünýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Garpyz çigidi bilen gowurgany tapsa-da edil palaw ýaly görýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)∙ Bir elde iki garpyz tutdurmaz. (Nakyl)◊ aýakly garpyz — Pes boýly, togalak adam, garynlak çaklaň adam.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.